Sylaglarymyz
«Hazar logistika» hojalyk jemgyýeti islendik ýük amallaryňyzy ýerine ýetirmekde siziň bilen «Bir ädim öňde» gitmek üçin işleýär. Korporatiw işewür hyzmatdaşlygymyzy rahat dowam etdirmek üçin öňe süren ýolumyzda anyk ädimleri ädýäris. «Hazar logistika» hojalyk jemgyýeti deňiz ulagynda daşamak işiniň, ulag-ekspedisiýa işiniň aýry-aýry ugurlary, şeýle-de awtomobil ulaglary arkaly ýük daşamagy guramak, ýükleri ekspedisiýa etmek (ýany bilen gitmek) işi boýunça işleri amala aşyrmaga hukuk berýän Ygtyýarnamalara eýedir. Biz diňe bir Türkmenistanyň çäginde däl, eýsem sebit we halkara derejede toplumlaýyn hyzmatlary üpjün edýäris. Munuň üçin beýleki logistika kärhanalary bilen hem netijeli hyzmatdaşlyk saklaýarys. Biziň hyzmatlarymyzdan her ýylda müňlerçe müşderi peýdalanýar. Islendik kompaniýa logistika işleriniň autsorsingini bize ynanyp biler.