tm
tm
Baş sahypaTäzelikler

13-05-2026

«Hazar Logistik»: Halkara bazardaky netijeli ädimler

Ýur­du­my­zyň öň­de­ba­ry­jy lo­gis­ti­ka kompa­ni­ýa­la­ry­nyň bi­ri bo­lan «Ha­zar Lo­gis­tik» de­mir ýol, aw­tou­lag, de­ňiz hem-de ho­wa gat­naw­la­ry ar­ka­ly dür­li gör­nüş­li ýük­le­ri da­şa­mak hyz­mat­la­ry­nyň do­ly top­lu­my­ny hö­dür­le­ýär. Kon­teý­ner­le­ri da­şa­mak hem-de mul­ti­mo­dal gat­naw­lar bo­ýun­ça ýük­le­riň da­şal­ma­gy­ny üp­jün et­mek bol­sa mu­nuň üs­tü­ni ýe­tir­ýär. Kär­ha­na im­port, eks­port hem-de üs­ta­şyr amal­la­ry bo­ýun­ça ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki müm­kin­çi­lik­le­ri özün­de jem­le­ýär. Onuň hal­ka­ra işe­wür­li­gin­de eýe­le­ýän or­ny bol­sa «Ha­zar Lo­gis­tik» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy Mu­ham­met Sä­he­do­wyň kär­ha­na­nyň lo­gis­ti­ka müm­kin­çi­lik­le­ri bara­da­ky tä­sir­li gür­rüň­le­rin­de hem aý­dyň be­ýa­ny­ny tap­dy. — Ilki bilen bellemek isleýän zadym, golaýda bolup geçen möhüm wakanyň ähmiýeti bilen bagly bolup, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenbaşy şäherindäki «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda täze gurlan «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasynyň geçirilmegi Watanymyzyň ulag-logistika mümkinçiliklerini has-da kämilleşdirdi. Munuň özi Diýarymyzda ulgamyň ösüşiň täze derejesine çykýandygyny tassyklady. «Gadamly» gury ýük gämisiniň ýüzüşe goýberilmegi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ähli ugurlarda, şol sanda halkara ähmiýetli üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmekde durmuşa geçirýän beýik tutumlarynyň netijesi hökmünde taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen girdi. Biziň 2020-nji ýylda esaslandyrylan kärhanamyz — «Hazar Logistik» hojalyk jemgyýeti hem deňiz we howa gatnawlaryndan başlap, portlardaky çylşyrymly ýük dolanyşygy işleri boýunça hyzmatlaryň doly toplumyny hödürlemek bilen, gysga wagtda türkmen bazaryndaky iri kompaniýalaryň birine öwrüldi. Hytaýdan Gazagystan we Özbegistan arkaly ýükleriň bökdençsiz eltilmegini üpjün etmegimiz, Ýewropa bazaryna çykalga açýan Türkiýe we Gruziýa ugurlarymyz ýakyn ýyllar üçin möhüm strategik ädimlerimizdir. Bu ýurtlaryň her birinde öz wekilhanalarymyzyň bolmagy kompaniýamyzyň ýoluň ähli böleginde ýüküň howpsuzlygyna kepil geçmegine mümkinçilik döredýär. Kom­pa­ni­ýa­nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy ge­çen aýyň ahyr­ky gün­le­rin­de paý­tag­ty­myz­da geçi­ri­len Türk­men-hy­taý işe­wür­ler fo­ru­my­nyň äh­mi­ýe­ti­ne hem ün­si çek­di. — Aşgabatda geçirilen Türkmen-hytaý işewürler forumyna «Hazar Logistik» kompaniýasy hem işjeň gatnaşdy. Ähmiýetli forumyň «Ýewraziýa geçelgesi: täze netijeli logistika ekoulgamynyň kemala gelmegi» atly üçünji bölüminde çykyş etmek bilen, logistika kärhanamyzyň mümkinçiliklerini beýan etmek meniň üçin uly mertebe boldy. Bu gün Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň «Bir guşak — bir ýol» başlangyjy türkmen halkynyň Milli Lideriniň taryhy taýdan Türkmenistanyň ýüreginden geçen Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek baradaky başlangyjy bilen sazlaşykly utgaşýar. Biz bu başlangyçlara diňe bir logistik taslama hökmünde däl, eýsem, ykdysady integrasiýanyň täze tapgyry hökmünde garaýarys. Bu gün Hytaýda amala aşyrýan işlerimizi kärhanamyzyň uly üstünligi hökmünde görkezip bileris. Iu şäherindäki ýöriteleşdirilen şahamçamyz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň kuwwatly hereketlendirijisine öwrüldi. Şeýlelikde, biz 2025-nji ýylda Iudaky şahamçamyz arkaly 1 müň 500 konteýneri ugradan bolsak, şu ýylky görkezijimiz eýýäm 2 müň konteýnerden geçdi. Ösüş depginini göz öňünde tutup, ýylyň ahyryna çenli 5 müň konteýnerlik netijä ýetmegi meýilleşdirýäris. Muhammet Sä­hedow kär­ha­na­nyň «Gal­ky­nyş» gaz kä­ni­ni öz­leş­dir­me­giň nobat­da­ky tap­gy­ry­na gat­naş­ma­ga taý­ýar­dygy­ny hem be­ýan et­di. — Ýeri gelende bellesek, «Hazar Logistik» kompaniýasynyň professional derejedäki işi onuň «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň 4-nji tapgyryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşmaga doly taýýardygyny tassyklaýar. Onuň multimodal gatnawlar boýunça tejribesi bu strategik taslama üçin ygtybarly daýanç bolar. Biz ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleriniň şeýle iri taslamalara işjeň gatnaşyp, halkara bazaryndaky ornuny pugtalandyrmagy üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň gözbaşynda duran türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de hormatly Prezidentimize sagbolsun aýdýarys — diýip, kompaniýanyň esaslandyryjysy sözüniň üstüni ýetirdi. Türk­men-hy­taý işe­wür­ler fo­ru­my­nyň çäk­le­rin­de «Ha­zar Lo­gis­tik» ho­ja­lyk jemgy­ýe­ti we Hy­ta­ýyň «Wenz­hou Xin­jiang Tra­ding Co., LTD.» kom­pa­ni­ýa­sy lo­gis­ti­ka hem-de de­ňiz flo­tu­ny ös­dür­mek ul­ga­mynda öza­ra dü­şü­niş­mek we stra­te­gik hyzmat­daş­lyk ba­ra­da Äht­na­ma gol çek­di­ler. Bu res­mi­na­ma ýük da­şa­ma­la­ry­ny gu­ramak, lo­gis­tik inf­rast­ruk­tu­ra­ny ös­dür­mek, şeý­le hem de­ňiz gä­mi­le­ri­ni sa­tyn al­mak we sat­mak, ola­ry teh­ni­ki taý­dan ulan­mak bo­ýun­ça stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­mak ba­bat­da ta­rap­la­ryň me­ýil­le­ri­ni kes­git­le­ýär.

01-05-2026

Serhetsiz logistika: «Hazar Logistik» HHR bilen strategik hyzmatdaşlyga gadam basýar

«Hazar Logistik» hojalyk jemgyýeti we «Wenzhou Xinjiang Trading Co., LTD» kompaniýasy logistika we deňiz flotuny ösdürmek ulgamynda özara düşünişmek we strategik hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdiler. Bu resminama ýük daşamalaryny guramak, logistik infrastrukturany ösdürmek, şeýle hem deňiz gämilerini satyn almak we satmak, olary tehniki taýdan ulanmak boýunça strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda taraplaryň meýillerini kesgitleýär. Kompaniýalar Hytaý-Türkmenistan we mundan beýläk Hazar sebitiniň hem-de Ýewropanyň ýurtlaryna ýük daşamak üçin amatly logistik çözgütleri işläp düzmegi we ornaşdyrmagy meýilleşdirýärler. Şeýle hem ammar terminallaryny we Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň kuwwatlyklaryny bilelikde ulanmak, tranzit düzgünlerini ýönekeýleşdirmekde we konteýner ýüklerini işläp taýýarlamakda özara ýardam bermek, şeýle hem demir ýol, awtomobil we deňiz ulaglaryny ulanmak arkaly multimodal gatnawlary ösdürmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, «Hazar Logistik» we «Wenzhou Xinjiang Trading Co., LTD» Türkmenistanyň milli deňiz flotuny giňeltmek maksady bilen, dürli görnüşli deňiz gämilerini satyn almak boýunça bilelikdäki taslamalaryň mümkinçiliklerini öwrenerler. Bu Ähtnama gol çekilmegi kompaniýalaryň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlykda täze tapgyry açýar. Türkmenistanyň we Hytaýyň serişdeleriniň hem-de tejribeleriniň birleşdirilmeginiň sebitiň tranzit kuwwatynyň artmagy üçin güýçli itergi bolmagyna we işewürligiň halkara bazarlaryna has çalt hem-de ygtybarly çykmagyny üpjün etmegine garaşylýar.

30-04-2026

«Hazar Logistik» kompaniýasynyň mümkinçilikleri Türkmen-hytaý işewürlik forumynda

Paýtagtymyzda geçirilen Türkmen-hytaý işewürlik forumyna «Hazar Logistik» kompaniýasy hem wekilçilik etdi. Ähmiýetli forumyň «Ýewraziýa koridory: täze netijeli logistika ekoulgamynyň kemala gelmegi» atly üçünji bölüminde «Hazar Logistik» kompaniýasynyň esaslandyryjysy Muhammet Sähedowyň çykyş etmegi asyrlaryň dowamynda söwda hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berip gelen ýurtlaryň işewürlik ulgamyndaky häzirki netijeli gatnaşyklarynyň görkezijisine öwrüldi. "Hytaýyň Başlygy Si Szinpiniň «Bir guşak — bir ýol» başlangyjy türkmen halkynyň Milli Lideriniň taryhy taýdan Türkmenistanyň ýüreginden geçen Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek baradaky başlangyjy bilen sazlaşykly utgaşýar. Biz bu başlangyçlara diňe bir logistik taslama hökmünde däl, eýsem, ykdysady integrasiýanyň täze eýýamy hökmünde garaýarys» — diýip, kompaniýanyň esaslandyryjysy belledi." Mundan başga-da, bu ýerde 2020-nji ýylda esaslandyrylan «Hazar Logistik» kompaniýasy ulag-logistika pudagyndaky giň mümkinçilikleri tanyşdyryldy. Ýeri gelende bellesek, «Hazar Logistik» gysga wagtyň içinde deňiz we awiasiýa gatnawlaryndan başlap, portlardaky çylşyrymly ýük dolanyşygy işlerine çenli — hyzmatlaryň doly toplumyny hödürleýän Türkmenistanyň bazaryndaky iň iri kompaniýalaryň birine öwrüldi. Hytaýdan Gazagystan we Özbegistan arkaly ýükleriň bökdençsiz eltilmeginiň üpjün etmegi, Ýewropa bazaryna çykalga açýan Türkiýe we Gruziýa ugurlary, Pars aýlagyndaky ornuny giňeltmek maksady bilen, Dubaýdaky şahamçasyny açmagy onuň ýakyn ýyllardaky iň möhüm strategik ädimleri boldy. Bu ýurtlaryň her birinde öz wekilhanalarynyň bolmagy kompaniýanyň ýoluň ähli böleginde ýüküň howpsuzlygyna kepil geçmäge mümkinçilik döredýär. Hytaýda amala aşyrýan işleri-de öňdebaryjy logistika kärhanasynyň uly üstünligidir. Onuň Iu şäherindäki ýöriteleşdirilen şahamçasy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň kuwwatly hereketlendirijisine öwrüldi. Bu işleriň netijeleri sanlarda hem aýdyň şöhlelenýär: * 2025-nji ýylda kärhananyň Iudaky şahamçamyz arkaly 1 500 sany konteýner ugradyldy; * 2026-njy ýylda eýýäm 2 000-den gowrak konteýner ugradyldy; * Ösüş depgini göz öňünde tutulyp, ýylyň ahyryna 5 000 konteýnerlik görkezjä ýetmek meýilleşdirilýär. «Hazar Logistik» kompaniýasynyň professional derejedäki işi onuň «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň 4-nji tapgyryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşmaga doly taýýardygyny tassyklaýar. Multimodal gatnawlar boýunça tejribesi bolsa bu strategik taslama üçin ygtybarly daýanç bolar. M.Sähedowyň «Hazar Logistik» kompaniýasynyň mümkinçilikleri hakyndaky çykyşy Türkmen-hytaý işewürlik forumyna gatnaşyjylaryň üns merkezinden ornuny tapdy. Ähmiýetli forum öňdebaryjy logistika kärhanasy üçin geljegiň ähmiýetli taslamalaryna uzaýan ýolda netijeli meýdança öwrüldi.

06-04-2026

Çäksiz logistika: «Hazar Logistik» hojalyk jemgyýeti «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergä gatnaşýar

2–4-nji aprel aralygynda paýtagtymyzda dürli pudaklaryň öňdebaryjy kompaniýalaryny, bilermenlerini we işewürlik wekillerini birleşdiren «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçirilýär. Bu forum tejribe alyşmak, täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak we geljegi uly hyzmatdaşlyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi. Sergä gatnaşyjylaryň biri bolan «Hazar Logistik» hojalyk jemgyýeti öz diwarlygynda konteýner, awtomobil, demirýol, deňiz we howa gatnawlaryny, şeýle hem howply ýükleri daşamak bilen bagly ulag-logistika hyzmatlarynyň doly toplumyny görkezdi. Belläp geçmeli zat, gysga wagtyň içinde «Hazar Logistik» HJ bu ugurda baý tejribe toplady hem-de import, eksport we üstaşyr (tranzit) daşamalaryny ýokary derejede amala aşyrmak üçin dünýä derejesindäki hyzmatdaşlaryň we hyzmatlary üpjün edijileriň giň toruny döretdi. Kompaniýa Türkmenistanyň çäginde, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlarda we dünýäniň beýleki sebitlerinde ýük daşamalaryny işjeň amala aşyrýar. Serginiň dowamynda «Hazar Logistik» hojalyk jemgyýetiniň wekilleri hyzmatdaşlar we geljegi uly bolan müşderiler bilen birnäçe netijeli duşuşyklary geçirdiler. Gepleşikleriň barşynda pudagyň öňünde duran esasy wezipeler, şeýle hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu möhüm sergä gatnaşmak «Hazar Logistik» hojalyk jemgyýetine diňe bir bar bolan işewürlik gatnaşyklaryny berkitmäge däl, eýsem, geljekki hyzmatdaşlygyň binýady boljak täze aragatnaşyklary ýola goýmaga hem mümkinçilik döretdi. Kompaniýanyň wekilleriniň bellemegine görä, «Hazar Logistik» logistika hyzmatlary ugruny yzygiderli ösdürmek bilen, işewürlik üçin ygtybarly hem-de netijeli çözgütleri hödürleýär we täze hyzmatdaşlyk tekliplerine elmydama açykdyr.

12-02-2025

Minnetdarlyk haty gowşuryldy

Biziň kompaniýamyza ýagny, "Hazar logistika" hojalyk jemgyýetine, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinden minnetdarlyk haty gelip gowşandygyny buýsanç bilen paýlaşýarys, bu resminamada döwlet komiteti ýurtda sporty ösdürmäge berýän goldawymyz üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýär. Hususan-da, minnetdarlyk hatynda şeýle diýilýär: "Türkmenistan Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň sport çäreleriniň meýilnamasyna laýyklykda, geçirilýän çärelerde sporty giňden ösdürmekde berýän ýardamlaryňyz we goldawlaryňyz üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýäris hem-de mundan beýläk ýurdumyzda sporty ösdürmekde ikitaraplaýyn ylalaşykly we üstünlikli işleriň dowam etdirilmeginde ynam bildirýäris". Size, Garaşsyz we Baky Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmeginde, janyňyzy aýaman alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri gazanmagyňyzy we berk jan saglyk arzuw edýäris! Goý, täze Galkynyş we Beýik özgertmeler zamanasynda alyp barýan uly işleriňiz rowaç alsyn. Biz hemişe sizi geçirilýän köpçülikleýin sport çärelerimizde hormatly myhman hökmünde görmeklige örän şat bolarys ". "Hazar logistika"hojalyk jemgyýeti Türkmenistan Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine işimize hormat we ýokary baha berenligi üçin çuňňur minnetdarlyk bildirýär. Sporty ösdürmekde we ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmekde has netijeli hyzmatdaşlyga umyt edýäris.

12-02-2025

Obligasiýa - döwrebap maýa goýum guraly

Maýa bazarlarynda serişdeleri toplamak üçin iň döwrebap we alternatiw maliýe gurallaryndan biri obligasiýa. Bu gural Türkmenistandaky iň uly transport we logistika kompaniýalarynyň biri bolan "Hazar logistika" hojalyk jemgyýeti tarapyndan ulanyldy. “Hazar logistika” hojalyk jemgyýeti 10,000 korporasiýa obligasiýalaryny çykardy. Obýektler Türkmenistanyň “Gymmatly kagyzlar bazarynda” kanunyna laýyklykda çykaryldy we hasaba alyndy, şeýle hem Aşgabat gazna biržasynda (AGB) hasaba alyndy. (www.agb.com.tm) Obligasiýa maýa goýmagyň artykmaçlyklary näme? 1. Hemme zat kanuny we ähli amallar Aşgabat gazna biržasynda amala aşyrylýar 2. Kompaniýanyň ygtybarlylygy we doly açyklygy 3. Puluň yzyna gaýtarylmagy kepillendirilýär 4. Talon görnüşinde passiw girdeji almak 5. Aşgabat gazna biržasynda-da bazar bahasyndan satmak we pul gazanmak mümkinçiligi. Obýektleriň şertleri, şeýle hem "Hazar logistik" hojalyk jemgyýetiniň maliýe ýagdaýy barada jikme-jik maglumatlary Aşgabat gazna birasynyň web sahypasy www.agb.com.tm, şeýle hem kompaniýanyň www.hazarlogistik.com web sahypasynda tapyp bilersiňiz. Obligasiýa satyn almak barada soraglar üçin, aşakdaky maglumatlary ulanyp, gymmatly kagyzlar bazarynda broker hyzmatyny ýerine ýetirýän "Ynamly dellal" hojalyk jemgyýeti bilen habarlaşyp bilersiňiz: "Ynamly dellal" HJ (ygtyýarnama No. 1-17-31-4) Iş wagty: 10: 00-18: 00 (Duşenbe-Juma) Habarlaşmak üçin belgiler: +99362609454 Sahypa: www.ynamlydellal.com.tm.