HJ 'Hazar logistik' konteýner hyzmatyny, demir ýol gatnawyny, awtoulag gatnawyny, deňiz gatnawyny, howa gatnawyny we multimodal gatnawyny, başgada esasanam howply harytlary daşamak bilen baglanyşykly transport we logistika hyzmatlarynyň doly toplumyny hödürlemekden hoşal. Gysga wagtyň içinde, hojalyk jemgyýetimiz köp tejribe toplady we import, eksport, üstaşyr amallary, şeýle hem Türkmenistanyň çäginden, GDA ýurtlarynyň üsti bilen daşamak üçin bütin dünýäde, hyzmatdaşlaryň we hyzmat üpjün edijileriň giň ulgamyny döretdi.
• Gatnaw ugry takyk we amatly meýilleşdirilýär, onuň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik edilýär;
• Ulagyň birnäçe görnüşi ulanylyp, daşamagyň bitewi zynjyry üpjün edilýär;
• Wagty we serişdeleri tygşytlaýar;
• Ýükleri geçiriş nokatlarynda guramaçylykly hyzmatlar ýola goýulýar;
• Gatnaw hakynda doly we anyk maglumat berilýär.
• Ýurtda iri konteýner meýdanlaryna we ammarlaryna eýe;
• Her gün ýüzlerçe konteýner hyzmatyny ýerine ýetirýäris;
• Dürli görnüşli konteýnerler toplumymyzdan peýdalanmagy teklip edýäris;
• «Gapydan gapa», «menzilden menzile» konteýnerleri daşamakda hyzmatlaryň toplumyny hödürleýäris.
• Halkara we şäherara howa gatnawlarynda ýükleri daşamak;
• Howa menzillerinde ýükleriň taýýarlanmagy we ammarlar bilen üpjünçilik;
• Eksport-import amallaryny gümrük taýdan resmileşdirmek;
• Uly göwrümli we howply harytlary daşamak.
Esasy ugurlarda (Türkiýe, Hytaý, Russiýa we beýlekiler) uly ýük akymlarymyz bolup, müşderilerimize bäsdeşlige ukyply nyrhlary hödürleýäris.
• Müşderiniň islegleridir talaplaryna laýyklykda, transport shemalaryny meýilleşdirmek, utgaşdyrmak we guramak;
• Ýüklemek we düşürmek amallary üçin ýörite enjamlar bilen üpjün etmek;
• Wagonda ýükleri ýüklemek, berkitmek we möhürlemek;
• Ýol çykdajylaryny hasaplamak we Türkmenistanyň demir ýol ulgamy, GDA ýurtlarynyň, dünýäniň beýleki ýurtlarynyň demir ýollary arkaly ýük töleglerini tölemek;
• Ýükleriň ýerleşýän ýeri barada gündelik maglumat bermek;
• Stansiýadan ýük alyjynyň ammaryna ýük daşamak;
• Eksport we import ýükleri daşalanda gümrük taýdan resmileşdirmek we beýleki ýol resminamalaryny taýýarlamak;
• Bolup biljek töwekgelçiliklerden ätiýaçlandyrmak;
• Çaltlaşdyrylan demir ýol konteýnerlerini ibermek üçin aýratyn mümkinçilikleri hödürlemek.
• Aşa agyr we howply harytlary daşamak;
• Dürli gümrük tertiplerinde ýol gatnawy;
• Sowadyjy we izotermiki ýük daşamak;
• Konteýner daşamak.
• Konteýneriňize iň gysga wagtda, çalt ýük ýüklemek;
• Siziň konteýnerleriňizi gyssagly gämä mündürmek;
• Porta gelen konteýnerleriňizi mümkin boldugyndan çalt çykarmak;
• Ýol resminamalarynyň doly we dogry ýöredilmegini kepillendirmek.