Siziň ösüşiňiz biziň ileri tutýan ugrumyzdyr

Biz diňe bir Türkmenistanyň çäginde däl, eýsem sebit we halkara derejede toplumlaýyn hyzmatlary üpjün edýäris. Munuň üçin beýleki logistika kärhanalary bilen hem netijeli hyzmatdaşlyk saklaýarys. Biziň hyzmatlarymyzdan her ýylda müňlerçe müşderi peýdalanýar. Islendik kompaniýa logistika işleriniň autsorsingini bize ynanyp biler.

Biziň wezipämiz

Kärhanamyzyň döwrebap ulag-kommunikasiýa we enjamlaýyn binýady bolup, harytlaryň we ýükleriň öndürijiden sarp edijilere zaýasyz we çalt ýetirilmegini üpjün edýär. Şeýle-de ol giň wekilçilikli edaralaryň ulgamyna eýedir. Mary, Aşgabat, Türkmenbaşy şäherlerinde bölümlerimiz hereket edýär.

Hyzmatlarymyz

Ýurdumyzyň iň ygtybarly we elýeterli logistik we ammar hyzmatlaryny üpjün edijileriniň biri hökmünde kabul edilýändigimize buýsanýarys. Üçünji tarap logistik hyzmat üpjün ediji hökmünde, ýük daşamak hyzmatlaryny, ammar hyzmatlaryny, logistika hyzmatlaryny we beýleki goşmaça hyzmatlary öz içine alýan deňiz ýollary arkaly ýükleri daşamak hyzmatlarymyzyň esasy ugrudyr. Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan ýükleri ugradyp ýa-da kabul edip, olaryň eltilmeli ýerine wagtynda barmagyny üpjün edýäris. Öňdebaryjy ýük daşaýyş ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň netijesinde, operatorlaryň we esasy portlaryň bize berýän mümkinçilikleri:

  • • Konteýneriňize iň gysga wagtda, çalt ýük ýüklemek;

  • • Siziň konteýnerleriňizi gyssagly gämä mündürmek;

  • • Porta gelen konteýnerleriňizi mümkin boldugyndan çalt çykarmak;

  • • Ýol resminamalarynyň doly we dogry ýöredilmegini kepillendirmek.