Biziň salgymyz:
TÜRKMENISTAN, MARY ŞÄHERI, BITARAPLYK KÖÇESI 18/7
«Hazar logistik» hususy kärhanasy Türkmenistanda we sebitde ygtybarly, elýeterli hem-de toplumlaýyn logistika, şol sanda ýük daşamak, ammar hyzmatlaryny hödürleýär. Kärhanamyz 2020-nji ýylda döredildi. Oňa şol ýylyň 13-nji aprelinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet tarapyndan bellige almak hem-de Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyna girizmek baradaky şahadatnamasy berildi. Kärhanamyzyň döwrebap ulag-kommunikasiýa we enjamlaýyn binýady bolup, harytlaryň we ýükleriň öndürijiden sarp edijilere zaýasyz we çalt ýetirilmegini üpjün edýär. Şeýle-de ol giň wekilçilikli edaralaryň ulgamyna eýedir. Mary, Aşgabat, Türkmenbaşy şäherlerinde bölümlerimiz hereket edýär.
«Hazar logistik» islendik ýük amallaryňyzy ýerine ýetirmekde siziň bilen «Bir ädim öňde» gitmek üçin işleýär. Korporatiw işewür hyzmatdaşlygymyzy rahat dowam etdirmek üçin öňe süren ýolumyzda anyk ädimleri ädýäris. «Hazar logistik» deňiz we içerki suw ulagynda daşamak işiniň, ulag-ekspedisiýa işiniň aýry-aýry ugurlary, şeýle-de awtomobil ulaglary arkaly ýük daşamagy guramak, ýükleri ekspedisiýa etmek (ýany bilen gitmek) işi boýunça işleri amala aşyrmaga hukuk berýän Ygtyýarnamalara eýedir. Biz diňe bir Türkmenistanyň çäginde däl, eýsem sebit we halkara derejede toplumlaýyn hyzmatlary üpjün edýäris. Munuň üçin beýleki logistika kärhanalary bilen hem netijeli hyzmatdaşlyk saklaýarys. Biziň hyzmatlarymyzdan her ýylda müňlerçe müşderi peýdalanýar. Islendik kompaniýa logistika işleriniň autsorsingini bize ynanyp biler.