Geljegi siziň bilen bile gurýarys!
«Hazar logistik» ýük daşamak we logistika pudagynda dürli hyzmatlary üpjün ediji kompaniýadyr. Ýük islegleriňizi kanagatlandyrmak üçin müşderilerimize ýokary derejeli hyzmatlary hödürleýäris.
Gurluşyk önümleri
Bu sahypa diňe maglumatlar bilen tanyşmak üçin. Has anyk bahana hasaplamak üçin nusgada wagonyň görnüşini we agramyny (tonnada) görkeziň.
Takmynan baha
Ýüküň agramy
60 tonna
Aralyk
~1000 KM
Ortaça wagt
3 дней 6 час.
Ýol nyrhy
TMT
Wagon bilen üpjün etmek
546.02 TMT
Stansiýa ýygymlary
~247.95 TMT
Jemi
~793.00 TMT
ÝÜK GATNAWLARY BILEN DÜRLI GÖRNÜŞ SENAGAT WE GURLUŞYK HARYTLARYNY GATNATMAK
Ýurdumyzyň çäginde uly göwrümli taslamalary amala aşyrýan kärhanalar mundan beýläk ýükleriniň we enjamlarynyň gatnawlary üçin demir ýol ýük gatnawlaryndan giňden peýdalanyp bilerler. Kämilleşdirilen ulgam arkaly ýükleriň bellenilen senesinden gijä galman niýetlenilen nokada eltilmegi üpjün ediler. Bu bolsa alnyp barylýan senagat we gurluşyk taslamalarynyň bahalaryna we bellenilen möhletinde tamamlanmagyna oňaýly goşant goşar.
«Demirýollary» AGPJ ýük gatnawlarynyň düzümindäki wagonlar arkaly dürli görnüşli senagat we gurluşyk harytlaryny gatnatmak mümkin. Şeýle hem, gurluşyk we senagat kärhanalary öz wagonlaryny ulanmak şerti bilen hem ýerine ýetirilýän hyzmatlardan peýdalanyp bilerler.
• Gatnawy kyn we gymmat bolan agyr, göwrümi uly harytlar üçin çözgütler;
• Gurluşyk-gurnama işleriniň gatnaw harajatlaryny azaltmaga amatly çözgüt;
• Dürli görnüşli harytlar we enjamlar üçin wagonlar;
• Birža arkaly satylýan harytlaryň gatnawyny çalt hasaplap, bädeşlige ukyply söwdalary guramak;
• Öz wagonlaryň arkaly ýükleri gatnatmak boýunça hyzmatdaşlyk.